Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Magtymguly adyndaky TDU baryp gördüler

  • 12.10.2023 19:03
  • 11k+

Aşgabatda geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara serginiň we ylmy konferensiýanyň çäklerinde Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine baryp gördüler. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýty habar berýär.

Geografiýa ylymlarynyň doktory, M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň tebigaty oýlanyşykly peýdalanma kafedrasynyň professory Ýuriý Mazurow, MDU-nyň himiýa fakultetiniň fiziki himiýa kafedrasynyň dosenti, pedagogika ylymlarynyň kandidaty Oksana Ryžowa, şeýle-de W.N.Tatişew adyndaky Astrahan döwlet uniwersitetiniň halkara işleri boýunça prorektory Angelina Fadina ÝUNESKO “Medeni miras: geçmişden geljege” kafedrasyna baryp gördüler.
ÝUNESKO kafedrasynyň agzalary bilen duşuşyk “sorag-jogap” görnüşinde geçirildi. Şeýle-de, russiýaly alymlar ýokary okuw mekdebiniň talyplary üçin leksiýa kursuny geçirdiler. Leksiýalarda talyplarda kognitiw başarnyklaryň ösüşi, himiýany okatmagyň usulyýetiniň häzirkizaman taraplary we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde bilimiň esasy taraplary barada gürrüň edildi.
Magtymguly adyndaky TDU-nyň ýardam etmeginde hyzmatdaş ýokary okuw mekdeplerinden gelen daşary ýurtly kärdeşler “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara konferensiýa we “Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy” atly halkara ylmy konferensiýa gatnaşdylar. Bulardan başga-da, ylmy konferensiýa Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň (HHR) we Ýerewan döwlet uniwersitetiniň (Ermenistan Respublikasy) wekilleri gatnaşýar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......