Seulda Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» forumynyň gün tertibi maslahatlaşyldy

  • 12.10.2023 08:52
  • 4.5k+

11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi B.Durdyýew Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň Kätipliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 14-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy mejlisiniň hem-de onuň çäklerinde boljak çäreleriň guramaçylyk, şeýle hem Forumyň gün tertibinden gelip çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......