Arkadag şäherinde ilkinji gezek Wena baly geçirildi

  • 11.10.2023 20:54
  • 22k+

11-nji oktýabrda Arkadag şäherinde bäşinji Wena baly geçirildi. Ilkinji gezek 2011-nji ýylda geçirilen Wena baly bu gün ilkinji gezek «akylly» şäherde geçirildi.

Bu ýylky Wena baly Arkadag şäheriniň gözel künjekleriniň biri bolan «Arkadag binasynyň» töweregini gurşap oturan giň meýdançada  türkmen-awstriýa jemgyýeti tarapyndan ýola goýuldy. Wena baly Awstriýanyň paýtagtynyň özboluşly nyşanydyr.
Wena baly bilen bagly Türkmenistana gelen Awstriýanyň wekiliýet toparynyň hatarynda meşhur opera solistleri we tans duetleri bar. Bu ýylky Wena balynyň dabaraly çykyşlary Türkmenistanyň halk artistleri Atageldi Garýagdyýewiň hem Atajan Berdiýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Leýli Ökdirowanyň, aýdymçy Aýna Seýitgulyýewanyň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň Döwlet horunyň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde «Arkadag şäheri–bagtyň şäheri» atly aýdym bilen açyldy. Wena balynyň dowamynda kompozitorlar Iogann Ştrausyň, Frans Legaryň, Federiko Romero Saraçaganyň, Lýudwig Minkusyň, Ýewgeniý Doganyň, Weli Muhadowyň, Daňatar Öwezowyň, Çary Nurymowyň, Jemal Reýimowanyň döreden sazlaryna ýaňlanan aýdymlar türkmen hem awstriýa tans toparlarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren tanslaryna utgaşyp, agşama täsin gözellik çaýdy. Şeýle-de balda awstriýaly  opera aýdymçylary  Regina Hangler, Lewent Gunduz  dagylar hem çykyş etdiler.
Wena balynda Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Bergeriň sözlerine Rejep Rejebowyň sazyna döredilen «Dostluk aýdymy» atly ajaýyp eseriň ýerine ýetirilmegi iki dostlukly halkyň jebis gatnaşyklarynyň waspy bolup duýuldy.


şu gün 00:03
795

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......