Türkmenistanda Kanadanyň ilçisi işe başlady

  • 11.10.2023 15:47
  • 4.9k+

10-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alan Hemsondan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda Alan Hemson Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän, parahatçylyk söýüjilik, goňşuçylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Diplomata milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalardyr taslamalar barada gürrüň berildi.
Mejlisiň işi we onuň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk esaslaryny üpjün etmekde eýeleýän orny söhbetdeşligiň aýratyn mazmunyny düzdi. Şunda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň türkmen-kanada gatnaşyklarynyň mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......