Bangladeşiň ilçisi Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

  • 11.10.2023 15:43
  • 2.6k+

10-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bangladeş Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Amanul Hakdan ynanç hatyny kabul etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen giň özara bähbitli hyzmatdaşlyga gönükdirilen daşary syýasy ugry bilen tanyşdyryldy. Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, döwletiň hem-de jemgyýetiň dowamly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar hakynda aýratyn durlup geçildi.
Şeýle-de diplomat Mejlisiň düzümi we onuň alyp barýan işleri, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ýola goýmak boýunça gazanan tejribesi bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň hem kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara hyzmatdaşlygy höweslendirmäge gyzyklanma bildirýändikleri tassyklanyldy.


düýn 16:30
580

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
724

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.8k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......