Kanadanyň ilçisi Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

  • 11.10.2023 15:09
  • 3.3k+

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Kanadanyň Türkmenistandaky täze bellenen ilçisi Alan Hemson (oturýan ýeri Astana şäheri) bilen duşuşdy we onuň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi.

Ministriň orunbasary ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we türkmen-kanada gatnaşyklaryny giňeltmekde üstünlik arzuw etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-kanada hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, şeýle hem döwletara formatda, halkara we sebit guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek maksady bilen, diplomatlar 2024-nji ýylda daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri geçirmäge ylalaşdylar. Şunuň bilen birlikde, şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirilmeginiň maksadalaýykdygy bellenildi.
Geljegi uly ugurlaryň arasynda söwda we ykdysady toplum, ýangyç we energetika pudagy, “ýaşyl energetika”, şeýle hem bilim ulgamy bellenildi.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......