Arkadag şäherinde ilkinji gezek Wena baly geçiriler

  • 10.10.2023 09:17
  • 6.6k+

11-nji oktýabrda 18:00-da Arkadag şäherinde şäher häkimliginiň golaýyndaky binada V Wena baly geçiriler. Çäräniň guramaçylary bolup, Türkmenistanyň DIM-niň we Medeniýet ministrliginiň goldaw bermeginde Türkmen-awstriýa jemgyýeti Wena şäheriniň häkimi Mihael Lýudwigiň howandarlygynda geçiriler. Bu barada ORIENT agetnligi Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň Neda Bergere salgylanyp habar berdi.

Neda Berger bu çäräniň täze şäherde ilkinji gezek geçiriljekdigini we oňa Awstriýadan işewür wekilleriň, Wenanyň şäher häkimliginiň agzalarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň, şol sanda Wenanyň esasy tans bäsleşiginiň ýeňijisi Demitor Ştefaniniň geljekdigini nygtady.
Şeýle hem Türkmen-Awstriýa orkestriniň gelmegine garaşylýar. Ol 12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde professor Wolfgan Hareriň we Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda konsert berer.
Soňky gezek Wena baly 2019-njy ýylda geçirilipdi.


şu gün 00:03
359

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
847

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......