Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasy gurlar

  • 10.10.2023 07:41
  • 9.6k+

Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurmak meýilleşdirilýär. Desganyň gurluşyk taslamasy bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni Aşgabat boýunça iş saparynyň barşynda tanyşdy.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, energetika desgalary gurlanda, daşky gurşawa ýaramaz täsiriň ýetirilmegini azaltmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna hem uly üns berilýär. Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk, utgaşykly dolanyşykda işleýän bug-gaz elektrik stansiýasyny muňa mysal hökmünde getirip bolar. Şeýlelikde, Balkan welaýatynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän elektrik stansiýasynyň utgaşykly dolanyşykda işlemegi bu pudaga dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň işjeň ornaşdyrylýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
Belläp geçsek, häzirki döwürde Türkmenistandan Merkezi Aziýa ýurtlaryna, şol sanda Özbegistan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna, Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystana elektrik energiýasy iberilýär. Täze desganyň ulanmaga berilmegi bilen, ýurdumyzyň energoulgamynyň kuwwaty ýene-de artar.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......