Kia täze K3 hetçbegini tanyşdyrdy

  • 09.10.2023 21:21
  • 6k+

«Kia» koreý kompaniýasy «Rio» modeliniň ornuny tutjak täze «K3» hetçbegini tanyşdyrdy. Bu barada autoreview.ru habar berýär.

«Kia K3» hetçbeginiň uzynlygy 4295 mm, teker binýady 2670 mm. Awtoulagda LED faralar we çyralar, 17 dýuýmlyk teker diskleri, gara plastikden  gapy bezegleri we goşa gaz çykarýan turbalar bilen enjamlaşdyryldy.
Salondaky öň panelde uly giň göwrümli displeý ýerleşdirildi, ol özünde gural panelini we multimediýa ulgamyny birleşdirýär. Ulag alty howa ýassygy, goşa zolakly howa gözegçilik ulgamy, awtomatiki gyssagly duruzmak (tormoz) ulgamy, zolakdan çykman sürmek we «kör» nokatlara gözegçilik ulgamlary bilen üpjün edilendir.
Täze «Kia K3» 1,6 we 2,0 litrlik benzinli hereketlendirijiler bilen hödürlener. Geçiriş korobkasy iki nusgada göz öňünde tutuldy: alty basgançakly mehanika ýa-da awtomat.
Bahalar entek yglan edilmedi, satuwy diňe 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak meýilleşdirilýär.


09.05.2026 12:43
3.5k+

5 orunlyk Kia PV5 Passenger öndürijiniň garaşanyndan has meşhur bolup çykdy

Kia kompaniýasy Beýik Britaniýada täze PV5 Passenger elektrik furgonynyň bäş orunlyk görnüşine duýdansyz ýokary islegi hasaba aldy....

07.05.2026 11:29
2.9k+

ABŞ-da Kia Sportage modeliniň gibrid görnüşiniň satuwy iki esseden gowrak artdy

Kia kompaniýasy aprel aýynda ABŞ-nyň bazarynda satuwyň az-kem peselendigini hasaba aldy, emma gibrid modellere bolan isleg ep-esli artdy. Bir aýyň dowamynda jemi 72 703 awtoulag satyldy, geçen ýylyň degişli......

20.04.2026 17:11
4k+

Kia we Genesis ýangyç syzma töwekgelçiligi sebäpli 235 müňden gowrak awtomobilini yzyna çagyrýar

Kia we Genesis kompaniýalary ýangyç ulgamynda ýüze çykan kemçilik sebäpli 235 792 sany awtomobili yzyna çagyrmak barada karara geldiler. Bu kemçilik benziniň syzmagyna we netijede ulagyň ot almagyna sebäp......

15.04.2026 10:47
2.6k+

Kia elektromobilleriň rekord satuwyna garamazdan, Sportage bilen Sorento-nyň benzinli görnüşlerini saklap galar

Kia kompaniýasy, heniz isleg barka, meşhur Sportage we Sorento modellerini içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen öndürmegini dowam eder....