NASA Marsa adam uçurmaga görülýän taýýarlykda Rubionyň HKS-da işleýşi baradaky maglumatlary ulanýar

  • 07.10.2023 10:29
  • 7.3k+

Bir ýylyny HKS-da geçiren kosmonawt Frenk Rubionyň fiziki ýagdaýyny öwrenmek NASA-nyň hünärmenlerine adamy Marsa we yzyna uzak wagtlyk  uçuşa taýynlamakda kömek eder. Bu barada NASA-nyň wekili Şon Fuller Bakuda geçirilen 74-nji Halkara astronawtlyk kongresiniň çäginde TASS-a habar berdi.

Fuller: "Rubio häzir fiziki dikeldiş bejergisini alýar. Häzirki wagtda edýän işimiz gaty möhümdir: adamyň orbitada nädip uýgunlaşýandygyny, gaýdyp gelende bedeniniň nähili öwrenişýändigini barlag edýäris. <...> [Rubionyň tejribesi möhümdir] uzak wagtlyk uçuş, Marsa çenli bir ýyllyk ýoly geçmek barada pikir etseň: Marsda işlemäge we soňra yzyňa gaýdyp gelmek  üçin ýene şonça ýol sökmäge nähili fiziki ýagdaý gerek "- diýdi.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu uçuşa entek uzak wagtlap taýýarlyk görmeli boljakdygyny we häzirki wagtda iň gowy netijeleri gazanmak üçin işjeň maglumat ýygnaýandygyny aýtdy.
NASA-nyň wekili Rubionyň gonandan soň ýagdaýy barada-da durup geçdi. Onuň sözlerine görä, gonuş meýilnamalaşdyrylyşy ýaly geçdi, astronawt şol günüň özünde Hýustona bardy. "Ol kärdeşleri bilen 371 gün işlemekden hoşaldy. Bu ajaýyp mümkinçilik" – diýip,  Fuller sözüniň üstüni ýetirdi.
NASA-nyň resmi web sahypasyndaky maglumata görä, Marsa uçuş ýedi aý töweregi wagt alar, bu döwürde ekipažyň uçuş ýoluny sazlamak üçin birnäçe mümkinçiligi bolar; kosmos gämisi takmynan 480 million km ýol geçer.


27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......