Ýük ulagyny sürmek boýunça Ginnesiň özboluşly rekordy goýuldy

  • 06.10.2023 13:59
  • 24k+

43 ýaşly italiýaly kaskadýor Marko Dawide Jioni ýük ulagyny iki tekerde uly bolmadyk aralykdan geçirmek boýunça täze dünýä rekordyny goýdy. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Marko ýük ulagyny başarnykly dolandyryp, 380 sm giňlikdäki aralykdan geçdi. Bu rekorda üstünlikli ýetmek üçin ýük awtomobili gapdal germewlere degmezden aralykdan arassa geçmelidi. Şeýle-de, azyndan 10 m sürüp, üstünlikli saklanmalydy.
Markonyň ilkinji iki synanyşygy şowsuz boldy, ol çepden we sagdan germewlere degdi. Üçünji gezekde ol muny başardy. Marko ilkinji iki synanyşykda “örän güýçli başlandygyny”, şol sebäpli germewlere degendigini boýun aldy.  


12.05.2026 14:52
2.2k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...