Türkmenistanyň DIM-inde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekili bilen duşuşyk geçirildi

  • 06.10.2023 09:09
  • 6.3k+

5-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Aşgabatda iş sapary bilen bolýan Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Žak Barberisiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen HGHK-niň arasynda halkara ynsanperwer hukugynyň ýörelgelerini ilerletmek ugrundaky netijeli hyzmatdaşlygy beýan edildi. Türkmen tarapy Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýetiniň mümkinçiliklerini berkitmekde HGHK tarapyndan berilýän goldaw üçin hoşallyk bildirdi.
Taraplar özara gatnaşyklaryň häzirki gün tertibi barada pikir alyşdylar we mundan beýläk amala aşyryljak hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlediler. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň indiki ýyl üçin hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 18:54
2.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......