Marsda «tozan arwahy» wideo düşürildi

  • 06.10.2023 09:04
  • 49k+

NASA-nyň Marsdaky Perseverance roweri äpet «tozan arwahyny» wideo düşürmegi başardy. Gyzyl planetada, köplenç, güýçli köwsarlaýan çäge tupanlary şeýle atlandyrylýar. Ýelli tupan harasadynyň beýikligi takmynan 2 kilometre, ini 60 metre ýetdi. Bu barada Space habar berdi.

Rower, takmynan, 4 km uzaklykdaky nawigasiýa kameralaryndan birini ulanyp, adaty bolmadyk howa hadysasyny ýazga etdi. Enjam hersiniň arasyna 4 sekunt salyp 21 surat aldy. Wideoýazgy awgust aýynda edilipdi, ýöne olary öwrenmek üçin alymlara wagt gerek boldy.
Gözlegçiler tüweleý gündogardan günbatara, Ýezero krateriniň golaýynda ýerleşýän Torofer gerşiniň golaýynda hereket edipdir diýen netijä geldiler. Tüweleýiň tizligi sagatda takmynan 19 km.
Wideoýazgylarda tozan şeýtanyndan başga-da, Marsyň tozan we gaýa böleklerinden ybarat üstki gatlagyny – regoliti hem görmek bolýar.
Geçen ýylyň dekabrynda Perseverance ýer ýüzündäki çägeli tüweleýleriň seslerini hem tapyp, ilkinji gezek “tozan şeýtanyny” ýazga almagy başardy.


27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......