Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşmak isleýär

  • 04.10.2023 09:25
  • 14k+

Kawkaz musulmanlar müdiriýetiniň başlygy, GDA-nyň Dinara geňeşiniň gezekleşikli başlygy Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmak isleýär. Bu barada ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna ýazan hatynda beýan edýär. Hat resmi türkmen metbugatynda çap edildi.

Şeýh-ul-Yslam Allahşukur Paşazade hatynda şu ýylyň sentýabr aýynda Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy mahalynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi.

«Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny pugtalandyrmak we türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmek işinde Siziň hyzmatlaryňyz bimöçberdir. Siz häzirki döwrüň umumy ykrar edilen syýasy Lideri, doganlyk türkmen halkynyň Arkadagy hökmünde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak işine hem uly goşant goşýarsyňyz.
Biz, hemişe bolşy ýaly, Siziň Alyhezretiňiziň dost-doganlyk gatnaşyklaryny, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde aýratyn hyzmatlaryňyza ýokary baha berýäris. Siziň ünsli garaýşyňyz mende hemişe buýsanç duýgusyny döredýär we ýene-de Siziň bilen duşuşyp, parasatly gürrüňleriňizi diňlemek isleýärin» diýlip hatda bellenilýär.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......