Türkmenistan Duşenbe şäherinde 11-nji Halkara kitap sergisine gatnaşýar

  • 03.10.2023 23:41
  • 4.3k+

Türkmenistanyň ilçihanasy 3-5-nji oktýabr aralygynda Duşenbe şäherinde «Kitap Duşenbe-2023» ady bilen geçirilýän 11-nji Halkara kitap sergisinde Garaşsyz we Hemişelik Bitarap ýurdumyzyň daşary we içeri syýasatyna, şeýle hem döwletiň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan kitaplary we neşirleri hödürledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri sergide aýratyn orun eýeledi.
Türkmenistanyň kitap diwarlygynda baý, köptaraply türkmen medeniýeti, taryhy we sungaty barada beýan edilýän çeper eserler, ylmy eserler we döwürleýin neşirler hem görkezildi.
Halkara serginiň çäklerinde ilçihana tarapyndan Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp neşir edilen ýörite žurnalyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Tanyşdyrylyş dabarasyna Täjigistanyň medeniýet ministrliginiň, Milli kitaphanasynyň, Milli muzeýiniň ýolbşçylary, Duşenbede işleýän diplomatik korpusyň wekilleri, şeýle-de talyp ýaşlar we jemgyýetçilik wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berdi.


düýn 17:48
3.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
2.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....