Google HP bilen bilelikde Hindistanda noutbuklaryň önümçiligini ýola goýdy

  • 03.10.2023 16:56
  • 2.8k+

Amerikanyň Google kompaniýasy Hewlett Packard Inc. (HP) tehnologiýa korporasiýasy bilen bilelikde Hindistanda Chromebook noutbuklaryny öndürip başlar. Muny Google-yň esasy kompaniýasy Alphabet-iň baş ýerine ýetiriji direktory Sundar Piçai mälim etdi.

Piçai X (öňki Twitter) sosial ulgamyndaky sahypasynda: "HP bilen bilelikde Hindistanda Chromebook önümçiligini ýola goýarys - bu modeliň Hindistanda öndürilen ilkinji noutbuklary  hindi mekdep okuwçylaryna we talyplaryna arzan hem-de ygtybarly kompýuterleri elýeterli eder" – diýip ýazdy.
Bloomberg-iň belleýşi ýaly, enjamlary ýygnamak 2-nji oktýabrda Hindistanyň günortasyndaky Çennai şäheriniň golaýyndaky Flex zawodynda başlar, bu ýerde HP 2020-nji ýyldan bäri noutbuklari we şahsy kompýuterleri (PK) öndürip başlady. Agentligiň bellemegine görä, bu ädim Google-yň hindi bazaryndaky ornuny pugtalandyrar, bu kompaniýa ýerli önümçiligi ýola goýmaga we, hatda, Hindistan elektronika importyna nyrhlar girizensoňam, Dell hem-de ASUS ýaly korporasiýalar bilen işjeň bäsleşmäge mümkinçilik berer.


29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

17.05.2026 09:49
2.3k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

03.05.2026 23:57
1.4k+

«Ýyl ajap başlady»: YouTube-yň girdejileri iki belgili ösüş görkezdi

YouTube wideo platformasy we onuň baş kompaniýasy bolan Alphabet 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça uly maliýe üstünlikleri barada hasabat berdi: serwisiň mahabat girdejisi 10,7% ýokarlanyp,......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......