Ýaponiýanyň Ispace kompaniýasy 2026-njy ýylda Aýa iberiljek Apex 1.0 gonuş modulyny hödürledi

  • 01.10.2023 23:50
  • 6k+

Ýaponiýanyň Ispace kompaniýasy ABŞ-da Series 2 diýlip atlandyrylan enjamyň öňki wersiýasynyň deregine operator tarapyndan ulanyljak Apex 1.0 Aýa gonuş modulyny hödürledi. Apex 1.0 gysga traýektoriýa boýunça Aýa uçuş üçin niýetlenýär we onuň 300 kg çenli ýük daşamak mümkinçiligi bar. Ol ilkinji Ispace Series 1 gonuş modulyndan on esse güýçlüdir diýip, 3dnews.ru belleýär.

Apex 1.0 Dreýper Barlaghanasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryljak Ispace-iň üçünji missiýasynyň çäklerinde uçurylar. Bu missiýa Aýyň arka tarapyna peýdaly ýüki eltmegi göz öňünde tutýar. Sargyt ediji hökmünde NASA çykyş edýär, şertnamanyň bahasy bolsa 73 mln dollara barabar. Missiýanyň uçurylyşyny Series 2-den Apex 1.0-a geçiş sebäpli 2025-nji ýyldan 2026-njy ýyla süýşürmeli boldy diýip, Ispace belleýär.
Ispace bilen Dreýper Barlaghanasynyň Team Draper atly bilelikdäki taslamasy NASA-nyň Commercial Lunar Payload Services (CLPS) maksatnamasynyň çäklerinde şertnama alan birnäçe taslamalaryň biridir. NASA ugurdaşlykda Firefly Aerospace, Intuitive Machines we Astrobotic bilen işleşýär – taslamalaryň her biri düşürilýän täjirçilik enjamyny Aýa ilkinji bolup gondurmak üçin dalaş edýär.
Apex 1.0 enjamy HAKUTO-R missiýasynyň çäklerinde asuda gonup bilmän, geçen aprel aýynda Aýyň üstünde döwlen ilkinji Ispace Series 1 gonuş modulyndan on esse güýçlüdir.


şu gün 00:18
820

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

10.06.2026 10:51
1.3k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......