Türkmenistan Moskwa formatynyň çäklerinde Owganystan boýunça geňeşmelere gatnaşdy

  • 30.09.2023 17:54
  • 15k+

Türkmenistanyň Russiýadaky diplomatik wekilleri Tatarstanyň paýtagty Kazanda geçirilen Owganystan boýunça Moskwa formatynyň 5-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Russiýanyň HBS-ine salgylanyp, Orient habar berýär.

Mejlise Türkmenistan bilen bir hatarda Russiýadan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Katardan, Gyrgyzystandan, HHR-den, BAE-den, Pakistandan, Türkiýeden, Täjigistandan, Özbegistandan, Saud Arabystanyndan we Hytaýdan ýörite wekiller gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Kabuly inklýuziw hökümeti emele getirmäge çagyrdylar. Owgan tarapyna ýurduň DIM-niň başlygy Amir Han Mottaki wekilçilik etdi. Ol “häzirki wagtda, Owganystanda howpsuzlygyň dikeldilen wagty ykdysady gatnaşyklar bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmegiň wagtynyň gelendigini” belläp, Kabulyň sebitleýin gatnaşyklar üçin ähli mümkinçilikleri bermäge taýýardygyny aýtdy.

“Biz kontrabandaçylaryň we beýleki destruktiw adamlaryň hereketiniň öňüni almak üçin goňşy ýurtlar bilen serhetýaka hyzmatdaşlyga taýýardygymyzy tassyklaýarys. Bu howplara garşy durmak üçin biz uly tagallalary sarp etdik hem-de neşe serişdeleriniň ösdürilip ýetişdirilmegini we dolanyşygyny nola getirmek üçin göreşdik” – diýip, Amir Han Mottaki belledi.

Mejlisiň ahyrynda taraplar Owganystanyň garaşsyz, bitewi we parahat döwlet bolmagyny we onuň bilen ikitaraplaýyn hem köptaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegini goldadylar. Medeniýet, bilim, sport pudaklarynda hyzmatdaşlyga we Owganystan bilen sebitleýin ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirildi.


düýn 17:39
1.6k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......