Türkmenistanda Ispaniýanyň ilçisi işe başlady

  • 30.09.2023 11:04
  • 4.5k+

29-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Ispaniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Markos Gomes Martinesden ynanç hatyny kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Markos Gomes Martinese Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmegini, halkymyzyň bagtyýarlygyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalar we toplumlaýyn özgertmeler barada gürrüň berildi. Diplomat oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen hem tanyşdyryldy.
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary we meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda Türkmenistanyň we Ispaniýanyň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn esasda, ýurdumyzyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň çäklerinde, şeýle hem beýleki abraýly halkara guramalaryň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardyklary tassyklanyldy.
Diplomat Mejlisiň düzümi we onuň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guralydygy bellenildi.


şu gün 16:30
292

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

şu gün 12:20
568

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.6k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......