Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýany Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrdy

  • 29.09.2023 18:37
  • 15k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow german kompaniýalaryna Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda dürli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garamagy teklip etdi.

Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Berlin şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, suw serişdeleriniň ýetmezçiligi häzirki wagtda dünýäniň köp sebitlerinde möhüm mesele bolup durýar. Munuň özi ozaly bilen, howanyň ählumumy üýtgemegi, aýry-aýry döwletleriň ykdysady düzümleriniň giň gerimli hem-de kä halatlarda gözegçiliksiz hojalyk işleri bilen şertlendirilendir.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň aýdyşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna, Pariž ylalaşygyna we daşky gurşawy goramak ulgamynda beýleki köptaraplaýyn halkara resminamalaryna gatnaşyjy bolmak bilen, özüniň halkara ekologiýa borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk ygrarlydyr.
Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzda suw serişdeleriniň goralyp saklanylmagyna hem-de rejeli peýdalanylmagyna gönükdirilen toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýändigini aýratyn belledi.

«Bu çäreleri halkara guramalary hem-de daşary ýurtlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda durmuşa geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Şunuň bilen baglylykda, german kompaniýalaryna Türkmenistanyň suw hojalyk ulgamynda dürli taslamalary durmuşa geçirmek meselelerine garamagy teklip edýärin» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri olaryň hatarynda, ilkinji nobatda, Garagum derýasynyň ulanyş düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak ýaly ägirt uly taslamany belläp geçdi.


şu gün 12:31
806

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 10:26
272

Mejlisde Konrad Adenauer adyndaky Gazna bilen ekologik hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

16-njy iýunda Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Konrad Adenauer adyndaky Gaznasynyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Andre Algermissen bilen......

şu gün 09:55
338

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
654

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......