Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň banklaryny türkmen banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrdy

  • 29.09.2023 18:31
  • 18k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýanyň banklaryny Türkmenistanyň döwlet we täjirçilik banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrdy.

Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Berlin şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygynda aýtdy.

«Biziň pikirimizçe, maliýe-bank ulgamy türkmen-german hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolmalydyr» – diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň barha ösýän bank ulgamy ýurdumyzyň maliýe durmuşynyň möhüm bölegidir we şunda daşary ýurt banklary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmak meselelerine uly üns berilýär.

«Şunuň bilen baglylykda, Germaniýanyň banklaryny, eksport – karz edaralaryny, ätiýaçlandyryş guramalaryny Türkmenistanyň döwlet we täjirçilik banklary bilen göni gatnaşyklary işjeň ösdürmäge çagyrýarys» – diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
7.8k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......