Türkmenistan german kompaniýalaryny ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça taslamalara gatnaşmaga çagyrdy

  • 29.09.2023 18:25
  • 7.9k+

Berlin şäherinde iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow GFR-iň işewürlerini ulag we kommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň wekiliýet Baştutanlarynyň we German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň duşuşygyndaky çykyşynda beýan etdi.

«Ulag we kommunikasiýalar hyzmatdaşlygyň ýene bir möhüm ugrudyr. Ençeme ýyllaryň dowamynda biz Germaniýanyň kompaniýalary bilen üstünlikli işledik. Olar ykjam aragatnaşyk, hemra ulgamlarynyň torunyň hyzmatlaryny giňeltmek, deňiz ulagyny ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşdylar» – diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň german kompaniýalary bilen demirýol ulagyny ösdürmek, gämigurluşyk enjamlary, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ulag-logistika mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, telekommunikasiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini ýola goýmak meselelerini anyk ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny belledi.

«Şonuň bilen birlikde, german kompaniýalaryny Türkmenistanyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak boýunça taslamalara hem gatnaşmaga çagyrýarys» – diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.


şu gün 07:42
445

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
7.8k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......