Eýran goňşy ýurtlary bilen wiza düzgünini ýatyrmagy meýilleşdirýär

  • 29.09.2023 15:30
  • 29k+

Eýranyň Medeni miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ezatolla Zargami öz bölüminiň Eýranyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde goňşy ýurtlar bilen wiza düzgünini ýatyrmagyň üstünde işleýändigini mälim etdi. Bu barada Trend habar berýär.

Ezatolla Zargami soňky iki ýylda Eýrana gelýän daşary ýurtly syýahatçylaryň, koronawirus pandemiýasyndan öňki ýyl bilen deňeşdirilende, 38% köpelendigi barada habar berdi.

"Koronawirus pandemiýasyndan soň, Eýranda syýahatçylygyň ösüşi dünýädäki ortaça ösüşden 3 esse ýokary boldy. Ýöne bu san hasabaty biziň ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen deňeşdirilende az. Syýahatçylaryň sanyny hakyky köpeltmäge çalyşýarys” – diýip, Zargami sözüniň üstüni ýetirdi.
"Biz goňşy ýurtlar bilen wiza düzgünini ýatyrmagyň üstünde elmydama işleýäris. Eýranyň Daşary işler ministrligi bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde syýahatçylyk üçin günsaýyn köp mümkinçilikler döredilýär" – diýip, ministr belledi


20.05.2026 07:31
1.7k+

Hytaý daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny ýeňilleşdirýär

Hytaýyň häkimiýetleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin salgytlary yzyna gaýtarmak ulgamyny düýpli döwrebaplaşdyrmak barada karar kabul etdiler. Täze düzgünler myhmanlaryň söwda etmegini aňsatlaşdyrmaga we ýurda......

03.05.2026 16:02
12k+

Şäherleriň ululygyndaky howa menzilleri: dünýäniň iň uly 7 howa menzili

Häzirki zaman howa menzilleri köpden bäri diňe uçuş we gonuş nokatlary bolmagyny bes etdi. Olar awiasiýanyň geljekki onlarça ýyllar öňünden logistika, biznes we strategiýa bilen baglanyşykly giň......

21.04.2026 22:16
6.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-eýran hökümetara toparynyň başlyklary ikitaraplaýyn meseleleri maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Ýol we şäher gurluşygy ministri Farzane Sadegiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik......

17.04.2026 10:26
1.2k+

Türkmenistan we «BMG-Syýahatçylyk» hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

15-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen «BMG – Syýahatçylyk» guramasynyň Ýewropa boýunça sebit direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kordula......