Hytaý Ýaponiýadan öňe geçip, dünýäde iň iri awtoulag eksportçysy boldy

  • 29.09.2023 15:11
  • 16k+

Hytaý Ýaponiýadan ozduryp, dünýäde iň iri awtoulag eksportçysy boldy. Awgust aýynda Hytaýdan awtoulag eksporty 436 müň awtoulag boldy we jemi, şu ýylyň başyndan awgust aýyna çenli, Hytaýdan 3,22 million täze awtoulag eksport edildi. Hytaýyň eksportynyň mukdary ýyl bilen deňeşdirilende 65% ösdi.

Şol bir wagtyň özünde, 2021-nji ýylda Hytaýdan 2,19 million awtoulag eksport edildi. Uzak wagtlap, 2013-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli Hytaýyň awtoulag eksportynyň mukdary 1 - 1,2 million awtoulagdan geçmedi. 2023-nji ýyldaky maglumatlara görä, Hytaýdan täze awtoulagyň ortaça eksport bahasynyň 20 müň dollar, bir ýyl ozal bolsa 18 müň dollardygy bellendi.
Şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda Hytaý diňe Russiýa 544 müň täze awtoulag eksport etdi. Russiýa dünýäde iň köp hytaý awtoulaglaryny import ediji ýurtdyr, ikinji ýerde 257 müň täze awtoulag bilen Meksika, 155 müň birlik bilen Belgiýa üçünji ýerde durýar.


24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.3k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....