Indoneziýada harytlaryň söwdasy we hyzmatlary hödürlemekde sosial ulgamlary ulanmak gadagan edildi

  • 29.09.2023 15:27
  • 6k+

CNBC habar gullugynyň berýän habaryna görä, Indoneziýanyň hökümeti sosial torlaryň harytlary we hyzmatlary satmak üçin platforma hökmünde ulanylmagyny gadagan etdiler we elektron söwdany kadalaşdyrmak boýunça ýerli kompaniýalaryň bähbitlerini goramak boýunça işlerini dowam etdirerler.

Birnäçe gün öň ýurduň prezidenti Joko Widodo köp dürli, şol sanda daşary ýurt harytlaryny satyn almaga mümkinçilik berýän sosial ulgamlaryň döredýän bäsdeşliginiň Indoneziýadaky mikro, kiçi we orta kärhanalaryň söwdasyna ýaramaz täsir edýändigini aýtdy.
Hökümet tarapyndan girizilen bu gadaganlyk elektron söwdada ýöriteleşen ýerli kompaniýalar üçin, şeýle hem, sebitdäki onlaýn söwda pudagynda öňdebaryjy oýunçylaryň biri bolan Singapuryň Shopee dükany üçin oňyn ösüş bolar diýip, Citi-niň seljerijileri aýdýarlar.
Täze çäklendirmeleriň TikTok-a iň agyr zarba urmagyna garaşylýar. Ýurduň platforma auditoriýasy 113 million ulanyjy bolup, Amerikanyň esasy bazaryndan (116,5 million) birneme pesdir.
Kompaniýa ýerli kanunlara hormat goýýar we yglan edilen düzgünler kabul edilende TikTok Shop-dan peýdalanýan 6 milliondan gowrak satyjynyň eklenç üpjünçiligine etjek täsiriniň hasaba alynjakdygyna umyt baglaýar diýip, sosial ulgamyň administrasiýasy nygtady.


26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

24.05.2026 20:45
2.8k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.4k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......