Nissan 2030-njy ýyla çenli Ýewropada diňe elektrikli awtoulaglaryň satuwyna geçer

  • 28.09.2023 15:26
  • 5.5k+

Financial Times gazetiniň habaryna görä, Ýaponiýanyň Nissan Motor Co. awtoulag öndürijisi  2030-njy ýyla çenli Ýewropada elektrikli däl awtoulaglary satmagy düýbünden bes etmegi maksat edinýär.

Mundan başga-da, mundan beýläk sebitde satylmagy meýilleşdirilýän täze awtoulag modelleriniň hemmesi diňe elektrik hereketlendirijisi ýa-da içinden ýandyrylýan hereketlendirijisi bilen utgaşýan elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün ediler.
Nissan kompaniýasynyň baş direktory Makoto Uçida: "Indi yza ýol ýok" – diýmek bilen, bu çözgüdiň işiň, müşderileriň bähbidine boljakdygyna we tutuş planeta üçin hem dogry karardygyna kompaniýanyň ynanýandygyny aýtdy.
Ondan öň öndüriji elektrikli awtoulaglarynyň we gibridleriň Ýewropadaky satuwdaky paýyny 2027-nji ýylyň aprel aýyna çenli 98% -e çenli ýokarlandyrmagy maksat edinýändigini mälim edipdi.
Bu ýyl awtoulag konserni ekologiýa taýdan arassa awtoulag öndürmek baradaky maksatly görkezijilerini hem artdyrdy: 2030-njy ýyla çenli kompaniýanyň model hatary bu görnüşdäki 19 sany täze awtoulag bilen doldurylmalydyr.
Nissan maksadyny elektrikli awtoulag satmaga gönükdiren ýeke-täk awtoulag öndürijisi däl. Şeýlelik bilen, Renault fransuz kompaniýasy, Şwesiýanyň Volvo Car kompaniýasy, şeýle hem Ford Motor we Stellantis-iň Ýewropa bölümleri bu onýyllygyň ahyryna çenli önümleriniň hatarynyň doly elektrikleşdirilmegini gazanar.


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......