Serdar Berdimuhamedow tapawutlanan harby gullukçylara we işgärlere sylaglary gowşurmagy tabşyrdy

  • 28.09.2023 07:38
  • 24k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy. Degişli Permana Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

27-nji sentýabrda Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna hem-de işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak, hünär derejelerini bermek dabaralary boldy.
Bellenilişi ýaly bu resminama hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendigi, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandygy üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp kabul edildi.


şu gün 07:51
142

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.1k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
855

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......