Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

  • 27.09.2023 11:09
  • 9.9k+

Şu gün, 27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, döwlet Baştutany dabaraly ýagdaýda binanyň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy.
Soňra döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, Hökümet agzalary, Halk Maslahatyň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr daşary ýurtly myhmanlar, talyp ýaşlar, hem-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gül goýmak dabarasyny dowam etdirdiler.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin Aşgabat şäherine gelen daşary ýurtly myhmanlar hem dabara gatnaşdylar.


şu gün 07:51
124

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.1k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
855

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......