Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

  • 27.09.2023 09:04
  • 6.3k+

Şu gün Türkmenistanda Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllyk baýramy bellenilýär. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny gutlady.

«Sizi demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň durmuşyndaky örän möhüm sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň baş baýramy mynasybetli tutulýan uly toý-dabaralaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan ajaýyp üstünliklerimize bolan buýsanjymyzy has-da pugtalandyryp, agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutany Gutlagynda belleýär.
«Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr. Mundan 32 ýyl ozal Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilip, şu günki ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň binýady berkden tutuldy. Geçen ýyllarda merdana halkymyzyň ägirt uly döredijilik hem-de gurujylyk güýji netijesinde berkarar Watanymyz hemmetaraplaýyn ýokary depginde ösýän döwlete öwrüldi. Gysga döwürde gazanylan syýasy, ykdysady ösüşler, medeni-durmuş özgertmeleri raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrdy, gurýan we özgerýän döwletimiziň güýç-kuwwatyny artdyryp, berkararlygyny pugtalandyrdy.
Garaşsyz ösüşimiziň häzirki tapgyrynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik we adalatly jemgyýetimizi has-da kämilleşdirmek, adam hakyndaky aladany, il-ýurt bähbitlerini ileri tutmak bilen, biz Türkmenistany ynamly öňe alyp barýarys. Milli ykdysadyýetimiziň durnukly we sazlaşykly ösdürilmegine, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Obalarymyzy hem-de şäherlerimizi abadanlaşdyrmak, ýokary hilli ýaşaýyş jaý toplumlaryny bina etmek, ýolgurluşyk, ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny ösdürmek, öňdebaryjy tehnologiýaly iri senagat toplumlaryny döretmek boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirýäris» diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.


şu gün 07:51
142

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.1k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
855

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......