Türkmenistanyň 1301 sany täze raýatlaryna pasportlar gowşuryldy

  • 26.09.2023 07:35
  • 15k+

25-nji sentýabrda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Döwlet migrasiýa gullugynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlara pasportlary gowşurmak dabarasy boldy.

Öň habar berşimiz ýaly, 22-nji sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan hem-de 32 milletiň wekili bolup durýan 1 müň 301 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Mundan başga-da, Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 13 döwletiň raýatlary we 25 milletiň wekilleri bolup durýan adamlaryň 265-sine Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalar berildi.
Pasportlary gowşurmak dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilen adamlar hormatly Prezidentimize raýatlygy bolmadyk adamlaryň meselelerini çözmäge, olaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge berýän ägirt uly ünsi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Şeýlelikde, ençeme ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary bilen, ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde hiç bir döwletiň raýaty bolmadyk 29 müň 697 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Häzirki wagta çenli 4 müň 753 daşary ýurt raýatyna we raýatlygy bolmadyk adamlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi.
Türkmenistan Halkara Migrasiýa Guramasynyň hemişelik agzasy hökmünde bu ugurda taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirip, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryna uly goşant goşýar. Ýurdumyz BMG-niň esasy halkara hukuk resminamalaryna, şol sanda Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda, Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalara goşulmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklap gelýär.


şu gün 02:06
828

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

düýn 09:48
1.6k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

25.04.2026 16:03
3.1k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

25.04.2026 13:45
15k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......