18 adam Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyna mynasyp boldy

  • 25.09.2023 16:01
  • 19k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda Permana gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu sylag Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdürmekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigi hem-de durmuşda asylly görelde nusgasyny görkezýändigi nazara alnyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli berildi.
Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen at dakyldy:

  • Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary Akmämmet Orazmyradowiç Akmämmedow,
  • Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm redaktory Gurbannazar Arazgulyýew,
  • «Altyn Nesil» hojalyk jemgyýetiniň alyp baryjy inženeri Kakajan Täşliýew,
  • Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Muhammetmyrat Orazow,
  • Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Rysgally obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Baýgeldi Akyýew,
  • Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Kaka şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Işanguly Gulyýew,
  • Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň «Annamyrat Ahun» dini guramasynyň baş ymamy Orazmyrat Annanepesow,
  • Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky «Yhlas ýoly» hojalyk jemgyýetiniň sakçysy Nyýazmuhammet Rejepow,
  • Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesiniň ýaşaýjysy, pensioner Annapolat Orazow,
  • Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Bossan geňeşliginiň Helleň obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Reýmbaý Ýolliýew,
  • Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Sazakly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gutly Ballyýew,
  • Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Ýazmyrat Arazmyradow,
  • Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Mamatkuly Azymow,
  • Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Hemraguly Agalyýew,
  • Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň Mekan geňeşliginiň Mekan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Bazarkul Şalyýew,
  • Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Agzybir geňeşliginiň Arkadag obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Allaberdi Çaryýewe,
  • Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Murgap şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Geldimyrat Myradowiç Aşyrow,
  • Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Jumanazar Sapbyýewiç Jumamyradow.

düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......