Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

  • 25.09.2023 15:55
  • 17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu sylag Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny berkitmäge, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň ruhy başlangyçlarynyň we däpleriniň yzygiderliligini üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymy däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin, aýratyn önjeýli jemgyýetçilik işlerini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy mynasybetli gowşurylýar.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy:

  • Arkadag şäheriniň häkimliginiň umumy bölüminiň müdiri Gülşat Sahyýewna Mämmedowa,
  • Ahal welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň Änew şäher Jemagat hojalygy müdirliginiň 1-nji abadanlaşdyryş bölüminiň bagbany Oguljemal Ataýewa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 1-nji orta mekdebiniň mugallymy Mäzem Garlyýewa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki 17-nji orta mekdebiniň mugallymy Nurjemal Jumageldiýewa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Saýat etrabyndaky 30-njy orta mekdebiniň mugallymy Maral Jorakulyýewna Hemraýewa,
  • Mary welaýatynyň Mary şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Amanjemal Ýazmyradowna Berdiýewa.

şu gün 07:51
142

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.1k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
855

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......