Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny aýtdy

  • 24.09.2023 14:02
  • 15k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak zerurdygyny aýtdy.

Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, Halkyň ýaşaýyş derejesi şähergurluşyk işi bilen berk baglydyr. Bu ugurda ýurdumyzda zerur kanunçylyk binýady döredildi. Kabul eden kanunlarymyz adamyň talabalaýyk ýaşaýyş jaýynyň bolmagy we durmuş gurşawynyň emele getirilmegi, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegi bilen bagly durmuşa geçirýän işlerimizi mundan beýläk hem üstünlikli dowam etdirmäge mümkinçilik berýär.

«Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanda şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak zerur diýip hasap edýäris. Bu strategiýa täze eýýamda baş maksadymyza ýetmekde – halkymyzyň hal-ýagdaýyny dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakda ýene-de bir möhüm ädim bolar!» – diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......