Türkmenistanyň Adalatçysy Aziýa-Ýuwaş umman forumynyň her ýylky umumy ýygnagyna gatnaşdy

  • 22.09.2023 15:14
  • 6.7k+

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçysy Ý.Gurbannazarowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldamagynda Hindistan Respublikasyna iş sapary başlandy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy jarnamanyň 75 ýyllygyna we milli adam hukuklary edaralaryň we Pariž ýörelgeleriniň 30 ýyllygyna bagyşlanan Aziýa-Ýuwaş umman milli adam hukuklary edaralarynyň forumynyň 28-nji ýyllyk umumy ýygnagynyň we konferensiýanyň işine gatnaşmagy hem-de ol ýerde Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda toplanan tejribe hakynda, şol sanda APF bilen bilelikde amala aşyrylan işler barada çykyş etmegi göz öňünde tutulan.
Iş sapary hakyndaky habar Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň resmi saýtynda ýerleşdirildi.
Her ýylda geçirilýän Aziýa-Ýuwaş ummany forumy – bu APF-iň agzalarynyň we geňeşçileriniň duşuşygy bolmak bilen, ýyllyk edilen işlere, ýetilen sepgitlere seljerme geçirmäge mümkinçilik berýär. Forumyň maksatnamasy guramanyň saýlawly wezipelerine saýlawlary geçirmegi, guramanyň ol ýa-da beýleki ugurlar boýunça syýasatyny kabul etmegi, ýyllyk audit barlaglarynyň geçirilişini tassyklamagy öz içine alýar.


düýn 19:38
3.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.5k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

26.06.2026 08:04
7.1k+

Dünýäde hatardan çykan her üç gäminiň biri Hindistanda gaýtadan işlenildi

Hindistan köne gämileri gaýtadan işlemek boýunça dünýäde birinji orna geçdi. BMG-niň Söwda we ösüş boýunça geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ulanyşdan aýrylan we gaýtadan işlemäge ugradylan......