Aşgabatda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

  • 20.09.2023 13:17
  • 4.5k+

Şu gün, 20-nji sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady diýip, Turkmenportal habar berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

«Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň biri — milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini mundan beýläk hem ilerletmek, ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Bu ugurda geljegi nazarlaýan döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, täze iş orunlaryny döretmek, innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Şu günki ýaýbaňlandyrylan serginiň dürli ugurlara bagyşlanan bölümlerinde ýurdumyzda döwrebap özgertmeleriň barha rowaçlanýandygyna, milli ykdysadyýetiň özboluşly nusgasyny kemala getirmekde ýokary netijeleriň gazanylýandygyna aýdyň göz ýetirmek bolar» - diýlip, Gutlagda aýdylýar.

Sergide döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan özgertmeler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapdy.
Serginiň barşynda täze önümleriň, maýa goýum taslamalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmegiň geljegi uly maksatnamalarynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär.


düýn 16:30
557

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
719

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

12.06.2026 10:04
5.5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......