Toyota Land Cruiser First Edition 2024 bilen tanyşdyryldy

  • 20.09.2023 12:11
  • 22k+

2024-nji ýylyň Toyota Land Cruiser-iniň Ýewropanyň bazaryna satuwa çykarylmazynyň öňüsyrasynda model Germaniýada görkezildi. Awtoulagyň täze nesli Bush Taxi Meeting çäresinde görkezildi.

 

Bush Taxi-niň Germaniýanyň Týuringiýa ştatynyň Ordruf şäherinde geçirilen 20-nji duşuşygy Land Cruiser-iň eýeleriniň dünýädäki iň uly duşuşygy hasaplanýar. Oňa 17 ýurtdan 1200 sany Toýota eýeleri baryp gördüler.
Görkezişiň ýyldyzy 2024-nji ýylyň Land Cruiser First Edition-i bolup, onuň diňe Ýewropa üçin nusga sany 3000 birlik bilen çäklener.
Land Cruiser First Edition 2024-iň aýratynlyklary tegelek LED faralar we çägesöw reňki ak üçek bilen birleşdirýän iki tonly korpus (şeýle-de, tüsse gök / ak reňki hem bar). Ýewropa standartly Land Cruiser ilkibaşda 8 tizlikli awtomat usulda işleýän 201 at güýji 2,8 litrlik turbodizel hereketlendirijisi bilen elýeterli bolar. 2025-nji ýylda Toyota 48 wolt ulgamy bolan ýumşak gibrid dizel hereketlendirijili görnüşini hem hödürlär.
Model awgust aýynda yglan edildi.


düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......