Italiýada rulda barýan wagty telefon ulanan sürüjiler sürüjilik şahadatnamasyndan wagtlaýyn mahrum ediler

  • 20.09.2023 11:59
  • 26k+

Italiýanyň hökümeti ulag dolandyrylanda jübi telefonyny ulanan sürüjä berilýän temmileri berkitmek üçin çäreleri tassyklady. Ýol hereketiniň düzgünleriniň kadalaryna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, rulda barýan sürüji telefon ulanan ýagdaýynda iki hepdeden iki aýa çenli sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum edilip bilner. Şeýle hem 700 ýewro çenli jerime salnar.

Düzgün bozulma iki ýylyň dowamynda ýene gaýtalansa, sürüjilik şahadatnamasyndan mahrum etmegiň möhleti üç aýa çenli we jerime 3 müň ýewro töweregi bolup biler.
Italiýada ýol hereketiniň düzgünlerini bozmak, şol sanda jübi telefonlaryny ulanmak bilen bagly sanksiýalaryň güýçlendirilişi ilkinji gezek däl. Soňky aýlarda ýurtda birnäçe ýol hadysasy bolup geçdi, şol sanda jübi telefonlarynyň ulanylmagy netijesinde çagalar heläk boldy.


02.11.2025 19:58
4.6k+

Maserati Italiýanyň polisiýasyna 630 at güýji bolan superkar berdi

Maserati kompaniýasy Italiýanyň polisiýasynyň Carabinieri bölüminiň hyzmaty üçin täze MC Pura superkaryny sowgat berdi. Ulag tutuş ýurt boýunça organlary we gany dessin eltip bermek üçin ulanylar. Polisiýanyň talaplaryna laýyklykda, awtoulagyň üstüne we bamperlerine goşmaça LED yşyklar ornaşdyryldy...

20.09.2025 17:48
21k+

Täsin ýaryş: iň inçe, iň gysga we iň ýasy maşyn öz arasynda ýaryş geçirdi

Italiýada adaty bolmadyk ýaryş geçirildi — oňa üç sany özboluşly Fiat Panda gatnaşdy. Ýaryşa dünýäniň iň gysga, iň inçe we iň pes maşynlary atlaryna dalaş edýän ulaglar gatnaşdy. Netijede iň gysga ulag ýeňiş gazandy...

03.07.2025 17:58
16k+

Italiýaly awtomehanik dünýäde iň insiz awtomobili döretdi

Italiýaly mehanik Andrea Marassi dünýäde iň insiz işleýän awtomobili döretdi. Ol 1993-nji ýylyň Fiat Panda modelini esas hökmünde ulandy. Ulag üýtgedilenden soň, onuň ini ýarym metrden az boldy. Daşky görnüşi boýunça awtomobil adaty hetçbege däl-de, has dogrusy, karikatura meňzeýär...

20.07.2024 12:14
9.9k+

Italiýada Lamborghini Diablo gaýtadan dikeldilýär: 1,5 mln dollarlyk ulagdan 19 nusga çykarylar

Italiýanyň Eccentrica Cars kompaniýasy Lamborghini Diablo superkaryny gaýtadan dikeltmek taslamasynyň işläp taýýarlamagyň ahyrky tapgyrynda durandygyny tassyklady. Modelden jemi 19 nusga çykarylar, olaryň her biri...