Hindistanyň Aditya-L1 obserwatoriýasy Ýer orbitasyndan çykyp, Güne tarap ýoluny dowam edýär

  • 20.09.2023 11:36
  • 14k+

Hindistanyň Güni öwrenmek üçin Aditya-L1 obserwatoriýasy Ýer orbitasyny terk edip, Gün-Ýer ulgamynyň Lagranža L1 nokadyndaky orbita tarap uçuş traýektoriýasyna çykdy. Bu barada Hindistanyň Kosmos gözlegleri guramasy habar berdi diýip, interfax.ru belleýär.

“Enjamy Lagranža L1 nokadyna tarap uçuş traýektoriýasyna çykarmak boýunça hereket üstünlikli ýerine ýetirildi. Indi kosmos enjamy Gün-Ýer ulgamynyň L1 nokadyna eltjek traýektoriýa boýunça hereket edýär” – diýip, kosmos edarasy X sosial ulgamynda habar berdi.

Guramanyň maglumatlaryna görä, obserwatoriýa L1 nokadynyň töweregindäki orbita, takmynan, 110 günden çykar.
Aditya-L1 obserwatoriýasyny Ýerden 1,5 mln km uzaklykda ýerleşýän Gün-Ýer ulgamynyň Lagranža L1 nokadynyň töweregindäki gala orbitasyna çykarmak meýilleşdirilýär. Dürli peýdaly ýük bilen üpjün edilen enjam Günüň fotosferasyny we hromosferasyny, şeýle-de onuň ýokarky gatlagyny – Gün aýtymyny öwrener.  


26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

14.06.2026 16:13
6.1k+

NASA-nyň zondy Günüň golaýyndaky 1300 °C gyzgynlyga döz gelip, gaýtadan aragatnaşyga çykdy

«Parker Solar Probe» kosmos enjamy Günüň golaýyna tarap ýene bir gezek taryhy rekord derejede golaýlaşmadan we Ýer bilen aragatnaşyksyz geçen dokuz günlük özbaşdak uçuşyndan soň, şowly ýagdaýda ýene......

11.06.2026 10:55
1.9k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

07.06.2026 19:54
2.3k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....