Serdar Berdimuhamedow Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi

  • 20.09.2023 08:00
  • 4.7k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi.

Döwlet Baştutany öz çykyşynda belleýşi ýaly, şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen   düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip edýär.
Serdar Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, şeýle strategiýa adaty  töwekgelçilikler bilen bilelikde soňky döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň hem bardygyny beýan etmelidir.
Prezidentiň aýdyşy ýaly, şeýle hem, biz strategiýa Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň birnäçe ugurlaryny, hususan-da:

  • – gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş  diplomatiýasyny;
  • – jedelleri we dawalary parahatçylykly,   syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin, bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy;
  • – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş     Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara    parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de  «2023-nji ýyl Dialog – parahatçylygyň kepili hökmünde halkara ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmegi zerur hasap edýäris.

«Wagt häzirki pursatda bu kararnamalaryň zerurdygyny tassyklady» – diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.


düýn 22:55
213

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......