Türkmenistan Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegi teklip etdi

  • 20.09.2023 07:44
  • 6.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmekligi teklip etdi.

Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan BMG-niň geljek ýyllar üçin işiniň esasy ugurlarynyň arasynda howa we ekologiýa meselelerini çözmegi möhüm hasaplaýar. Şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleleri aýratyn belleýäris. 

Türkmenistan Prezidentiniň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzyň Howa boýunça Pariž Ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalaryň kabul edilendigini aýtmalydyrys. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar.

«Şol bir wagtda biz dünýä bileleşiginiň metan babatda ählumumy borçnamany amala aşyrmak boýunça tagallalaryny goldaýarys» – diýip, döwlet Baştutany belledi.

Prezident öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda Türkmenistanda Metan boýunça ählumumy borçnama Türkmenistanyň goşulmagy baradaky meseläni öwrenmäge gönükdirilen, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky Ýol Kartasy tassyklandy. Bu resminama ýakyn wagtda Guramanyň Sekretariatyna iberiler.
Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologiýa meselelerine has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetdi. Bu meselelere seredilende belli bir hereketsizligi ýeňip geçmeli we örän uly giňişlikleri eýeleýän, özboluşly tebigy serişdeleri hem-de biologik köpdürlüligi bolan, şol birwagtda düýpli ekologiýa töwekgelçilikleriniň zolagynda ýerleşýän 80 milliona golaý ilatly sebit babatda BMG-niň maksatly ekologiýa strategiýasyny taýýarlamak boýunça belli bir salgyly we anyk çärelere başlamaly.

«Merkezi Aziýanyň ekologiýa meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende Türkmenistan möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi – Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş edýär. 
Bu Merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barar. Biz bu Merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge taýýar» – diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 


şu gün 15:39
281

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....