Neýroulgam lukmanlaryň 17 gezek şowsuz synanyşygyndan soň oglanjygyň keselini dogry kesgitledi

  • 19.09.2023 11:30
  • 25k+

Emeli intellekti bolan çat-bot dört ýaşyndan bäri dowamly agyrydan ejir çekýän, ýöremekde kynçylyk çekýän we özüne erk edip bilmezden duýgusyny üýtgedýän çaga dogry diagnoz goýmaga kömek etdi. Oglanjygy 17 lukman gözden geçirdi, ýöne olaryň hiç biri-de simptomlaryna esaslanyp, dogry diagnozyny kesgitläp bilmedi.

Ýedi ýaşly Aleksiň ejesiniň aýdyşy ýaly, ol üç ýyllap ogluna kömek etjek boldy we bu döwürde ortopedden diş lukmanyna çenli 17 dürli lukmana ýüz tutup gördi. Şeýle-de bolsa, olaryň hiç biri oglanjygyň nämeden ejir çekýändigini anyklap, zerur bejergini berip bilmediler.
Netijede, aýal lukmanlaryň işinden lapykeç boldy we çat-bot ulanmagy ýüregine düwdi. Ol oglunyň simptomlaryny we synagyň netijelerini neýroulgamyň ýörite bölümine ýazdy, muňa bolsa neýroulgam örän seýrek duş gelýän diagnozy – fiksirlenen oňurga ýiligi sindromy bilen oňurganyň bifidasy keselini kesgitledi.
Aýal neýrohirurglara alnan maglumatlary berdi. Hünärmenler emeli intellektiň netijeleri bilen razylaşdylar we Aleksi operasiýa etdiler. Häzirki wagtda çaga hünärmenleriň gözegçiligi astynda bejergi alýar we saglygyny dikeldýär diýip, Daily Mail habar berýär.


15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......