Bilim ministrligi Türkiýede bilim alýan türkmenistanlylara bildiriş etdi

  • 17.09.2023 03:28
  • 45k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň diplomlaryny ykrar etdirmek üçin edilmeli işler barada habar berýär. Muny ORIENT agentligi ýetirýär.

Türkiýe Respublikasynyň hünär bilim edaralaryny tamamlan Türkmenistanyň raýatlary hünär bilimi hakyndaky resminamalarynyň Türkmenistanda ykrar edilmegi üçin, ilki berlen hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkiýe Respublikasynyň degişli döwlet edaralarynda kanunlaşdyrmaly. Ýagny, raýatlar okuw resminamalaryny Türkiýe Respublikasynyň Milli bilim ministrliginiň Ýokary okuw we daşary ýurtlar boýunça bilim müdirliginiň ýokary okuw bölüminde hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde tassyklatmaly.
Türkmenistanda “Academic Ranking of World Universities” we “QS World University Rankings” ýaly halkara bilim reýtinglerindäki ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlaryň diplomlary tassyklanýar. Şeýlelikde, bu sanawlarda orun alan Türkiýäniň 60 töweregi ýokary okuw mekdeplerinde türkmenistanlylar bilim alyp bilerler.
Häzirki wagtda Türkiýede türkmenistanlylaryň 15 müňe golaýy bilim alýar.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......