Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi

  • 15.09.2023 15:17
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny döwrebaplaşdyrmagy teklip etdi.

Döwlet Baştutanynyň öz çykyşynda nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi bilen bilelikde, sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledimegine aýratyn uly üns berýär. Şu maksat bilen biziň ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjyny öňe sürdi.

«Şunda biz bu resminamada suw meseleleri boýunça biziň döwletlerimiziň özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk hem-de sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleriniň hasaba alynmagyna esaslanýan syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgelerini we düzgünlerini berkitmegi maksadalaýyk hasaplaýarys» – diýip, Prezident belledi.

Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, Merkezi Aziýa Suw strategiýasy geljekde BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak üçin esas bolup bilerdi.

«Şeýle hem biz Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça Döwletara toparynyň çäklerinde kabul edilen Merkezi Aziýanyň daşky gurşawyny goramak boýunça Hereketleriň sebit meýilnamasyny we onuň  esasy kadalaryny ekologiýa meselesiniň düzüm bölegi hökmünde Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek boýunça Hereketleriň täze maksatnamasyna girizmek maksady bilen, ony döwrebaplaşdyrmak baradaky meselä garamagy teklip edýäris» – diýip, Prezident nygtady.


şu gün 16:02
688

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......