Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegi teklip etdi

  • 15.09.2023 15:08
  • 10k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutany Duşenbe şäherinde geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistan geljekde hem Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy ýurtlaryň sebit hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine hem-de daşky gurşawy goramak we Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn gurallarynyň döredilmegine gönükdirilen anyk başlangyçlaryny amala aşyrmak ugrunda çykyş eder.

«Şunuň bilen baglylykda, biz, Gaznanyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip edýäris. Bu işleri Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ählisiniň bähbitlerini hasaba almak bilen hem-de halkara hukugynyň  binýat goýujy ýörelgeleri we kadalary esasynda alyp barmagy zerur hasaplaýarys» – diýip, Prezident nygtady.

Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, Aral meselesine gönüden-göni dahylly meseleleriň toplumynyň umumysebit ekologiýa gün tertibiniň möhüm bölegi hökmünde çözülmeginiň halkara hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyny, oňyn başlangyçlaryň mundan beýläk-de ilerledilmegini, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň bu işlere işjeň çekilmegini talap edýändigine ynanýarys. Şunda bu Gaznanyň halkara maliýe edaralary hem-de hemaýatkärleri bilen Aral deňziniň sebitinde häzirki emele gelen meseleleriň giň toplumyny çözmek bilen baglanyşykly taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyny has okgunly ösdürmek üçin mümkinçilikleri döretmegimiz zerurdyr.

«Aral meselesiniň, tutuş Merkezi Aziýanyň ekologiýa babatynda ileri tutulýan ugurlarynyň halkara derejesinde degişli orun eýelemelidigine ynanýaryn. Şunda biziň tagallalarymyz maksada okgunly hem-de millionlarça raýatlarymyzyň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine, geljekki on ýyllyklarda öňde durýan ykdysady we durmuş  wezipeleriniň çözülmegine gönükdirilmelidir» – diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.


düýn 16:02
809

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......