OPEK+ 2023-nji we 2024-nji ýyllarda dünýäde nebite bolan islegiň ösüşi baradaky çaklamasyny saklap galdy

  • 14.09.2023 17:27
  • 8k+

Nebiti eksport ediji ýurtlaryň guramasy (OPEK+) global ykdysadyýetiň "durnukly" ösüşi netijesinde 2023-nji we 2024-nji ýyllarda dünýäde nebite bolan islegiň ýokarlanjakdygyny çaklaýar. Bu barada Sinhua agentligine salgylanyp, forbes.kz habar berýär.

Sişenbe güni neşir edilen sentýabr aýy üçin nebit bazary boýunça aýlyk hasabatda OPEK, çaklamalara görä, nebite bolan global islegiň 2023-nji ýylda günde 2,44 mln barrel we indiki ýyl günde 2,25 mln barrel ýokarlanjakdygyny görkezdi.
Bu şu ýyl ýyllyk ösüşiň 2,45% we 2024-nji ýylda 2,2% boljakdygyny aňladýar. Geçen aý bilen deňeşdirilende çaklamalar üýtgemedi.
Gurama şu ýyl günde 102,1 mln barrele ýetmegine garaşylýan global nebit isleginiň COVID-19 pandemiýasyndan öňki derejeden ýokary boljakdygyny belledi.
Sentýabr hasabatynda OPEK global ykdysady ösüş boýunça öňki çaklamalaryny saklady: 2023-nji ýylda 2,7% we 2024-nji ýylda 2,6%.


düýn 15:16
3.7k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
9.6k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.8k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....