Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi

  • 14.09.2023 17:18
  • 9.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi.

Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda energetikanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup durýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, şeýle hem halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly energetika hyzmatdaşlyk üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir.
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna we olaryň çäginiň üsti bilen daşarky bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardygyny belledi.
Serdar Berdimuhamedow bu teklibe biziň döwletlerimiziň arasynda uzakmöhletli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan garamak mümkin diýip hasaplaýandygyny nygtady.

«Şunuň bilen baglylykda, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar» – diýip, Prezident öz çykyşynda aýtdy.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......