Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi

  • 14.09.2023 17:15
  • 6.1k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmekligi teklip etdi.

«Merkezi Aziýada döwletleriň bähbitleriniň we maksatlarynyň ygtybarly üpjün edilmegi we durmuşa geçirilmegi zerur bolup durýan ýene-de bir ulgam innowasiýalar we täze tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr» – diýip, döwlet Baştutany öz çykyşynda aýratyn belledi.

Serdar Berdimuhamedowyň aýdyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzda innowasion ösüşiň uly kuwwaty, oňat ylmy mekdepler we tehnologik tejribeler bar. Döwlet Baştutany bu artykmaçlyklary birleşdirmegiň, tejribe, bilimleri alyşmagy ýola goýmagyň, bilelikde daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesini öwrenmegiň we ornaşdyrmagyň, innowasion bilimleri ösdürmek üçin has oňaýly şertleri üpjün etmegiň, ýaşlaryň döredijilik başlangyjyny höweslendirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň ykdysadyýetlerine aýdyň innowasion häsiýet bermek hem-de sanly ulgamy ösdürmek örän möhüm wezipe bolup durýar we bu işleri bilelikde ýerine ýetirmek zerurdyr.

«Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň täze tehnologiýalar boýunça Geňeşini döretmek teklip edilýär. Şol geňeş bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary utgaşdyrar» – diýip Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň pikirine görä, şeýle geňeş biziň döwletlerimiziň täze tehnologiýalar boýunça birleşen strategiýasyny döretmek boýunça esasy merkeziň wezipelerini öz üstüne alyp we degişli maslahatlar bilen çykyş edip, anyk teklipleri taýýarlap bilerdi.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......