Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi

  • 14.09.2023 17:12
  • 6.4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmekligi teklip etdi.

Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, sebitiň ýurtlarynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak örän möhüm wezipe bolup durýar.

«Bu babatda örän anyklyk we täsirli çäreler zerur bolup durýar diýip hasaplaýaryn. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa Söwda palatasyny döretmek meselesine garamagy teklip edýäris» – diýip, Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda aýtdy.

Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, onuň işiniň many-mazmuny we maksady söwdany ösdürmekde bilelikdäki ädimleri utgaşdyrmakdan; Merkezi Aziýa bazarynyň geljekki ykdysady subýektleriniň ählisiniň täjirçilik bähbitlerini üpjün etmekden; iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......