Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistana iş sapary başlandy

  • 14.09.2023 14:51
  • 9.5k+

Şu gün, 14-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline gelende, Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.
Türkmenistan sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerine ähli taraplaryň bähbitlerini nazara almak arkaly, özara hormat goýmak we hoşmeýilli erk-isleg esasynda yzygiderli we sazlaşykly çemeleşmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu babatda anyk teklipleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ençeme gezek ýokary derejedäki sebit duşuşyklarynyň geçirilýän ýerine öwrülendigini bellemek gerek.


08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......