Beýik Britaniýada talyp hakly okamak isleýän türkmenistanlylaryň resminamalary kabul edilip başlandy

  • 14.09.2023 06:47
  • 32k+

Beýik Britaniýada "Chevening" maksatnamasy esasynda magistratura bilim derejesi boýunça okamak isleýän türkmenistanlylaryň resminamalary kabul edilip başlandy. Ýurduň iň abraýaly ýokary okuw mekdeplerinde talyp hakly okamak mümkinçiligini döredýän okuwlara dalaşgärleriň resminamalary 7-nji noýabra çenli kabul ediler.

Okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin dalaşgäriň bakalwr bilim derejesi, 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi we iňlis dilini gowy bilmegi (IELTS 6.5 derejede) hökmanydyr. Dalaşgärler şu salgy boýunça onlaýn sowalnamany doldurmaly, gerekli resminamalarynyň nusgalaryny tabşyrmaly we berlen temalar boýunça 4 sany düzme ýazmalydyr. Şeýle hem, dalaşgär Beýik Britaniýada okamak isleýän 3 sany hünär ugruny görkezmelidir.
"Chevening" maksatnamasyndan üstünlikli geçenler bir ýylyň dowamynda ýaşamak üçin talyp haklaryny alyp bilerler. Wiza, ýol çykdajylary we dürli çärelere gatnaşandygy üçin çykdajylar hem okuw maksatnamasynyň çäklerinde tölenýär.
"Chevening" okuw maksatnamasy 1983-nji ýyldan bäri hereket edýär. Şondan bäri, bu maksatnamanyň çäklerinde dünýäniň 200-den gowrak ýurdundan 50 müňden gowrak talyp Beýik Britaniýada bilim alypdyr. Şolaryň içinde meşhur syýasatçylar, diplomatlar, žurnalistler we jemgyýetçilik işgärleri bar. Maksatnama boýunça okamak isleýäniň uly höwesi, ýokary hünär başarjaňlygy we liderlik ukyplary bolmalydyr. Şonuň üçin-de, iň bäsleşikli we abraýly okuw maksatnamalarynyň biri hökmünde bilinýär.

Habarlaşmak üçin salgylar:
Telefon belgisi:
(+993 12) 36-34-62
Email: ukembassy.ashgabat@fcdo.gov.uk


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......